Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda wagtlaýyn çäklendirmeleriň ýene biri ýatyryldy

15:5606.07.2022
0
4679

Türkmenistanda birme-bir ýatyrylýan wagtlaýyn çäklendirmeleriň hatarynda welaýatara syýahatlarda ýerli raýatlardan wagtlaýyn rugsatnama talap edilmesi hem bes edildi. Bu barada «Atavatan-Türkmenistan» saýty habar berdi.

Mundan ozal ýurduň içinde bir welaýatdan başga welaýata gidilende Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda sapara gidýän senesi barada bellik etdirip, wagtlaýyn rugsatnama alynmaly bolýardy.

Mundan beýläk ýolagçylardan şol rugsatnama talap edilmez. Ýolagçylaryň ýanynda soňky 72 sagadyň dowamynda COVID-19 barlagyndan geçendigini tassyklaýan resminamasy bolmagy ýeterlikdir.

Migrasiýa gullugynyň amallary bilen baglanyşykly ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak üçin girizilen çäklendirmeler, şol sanda ýurduň sebitlerinden paýtagta gidýän ýolagçylar üçin ýatyryldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda dünýäde epidemiologik ýagdaýlaryň kadalaşmagy bilen agyz-burun örtüklerini açyk howada we hususy ulaglarda dakynmak ýatyrylypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň