Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşmagyna garaşylýar

15:0806.07.2022
0
1639

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 21-nji iýulynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagyna garaşylýar. Täjik metbugatynyň ýazmagyna görä, nobatdaky duşuşyk Gyrgyz Respublikasynda geçiriler.

Şu günler Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlikler ýygy-ýygydan geçirilýär. Täjigistanyň «Asiaplustj» habarlar saýty Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşligiň hut şu duşuşyga bagyşlanandygyny habar berdi.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy Gyrgyz Respublikasynyň Çolpan ata şäherinde geçiriler. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bu ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşmak üçin çakylyk ýollanyldy.

Soňky gezek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilipdi.

Türkmenistanda geçirilen duşuşyk Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 3-nji Konsultatiw duşuşygy bolupdy. Onuň ilkinjisi 2018-nji ýylda Gazagystanda, ikinjisi 2019-njy ýylda Özbegistanda geçirilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň