«Demirýolçy» dynç alyş merkezinde sport çäresi geçirildi

11:5506.07.2022
0
4253

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň gurnamagynda «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri geçirildi.

Tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan geçirýän çagalar 4-nji iýulda guralan sport bäsleşiklerine hem işjeň gatnaşdylar.

Sport bäsleşiginde ýeňiji bolan toparlara we türgenlere «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň