Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Milli bilim instituty «Mugallymlar gazeti» gazeti arkaly Pedagogik işgärleriň 2022 — 2023-nji okuw ýylynyň awgust usuly-amaly okuwlaryny we maslahatlaryny geçirmek boýunça usuly maslahatlary paýlaşdy.
Neşirde hem bellenilişi ýaly, pedagogik işgärleriň etrap (şäher) usuly-amaly okuwlary 2022-nji ýylyň 15 —17-nji awgusty aralygynda, etrap (şäher) maslahatlary 18-nji awgustda, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň öňdebaryjy pedagogik işgärleriniň maslahatlary bolsa 20-nji awgustda «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen şygar boýunça geçiriler.
― Usuly-amaly okuwlarda ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň ýokary hilini, mugallymlaryň okuw sapaklaryna taýýarlykly gelmeklerini gazanmak, bilim işine okatmagyň innowasion usullaryny, sanly serişdelerini giňden ornaşdyrmak, pedagogik işgärleriň hünär ussatlygyny yzygiderli ýokarlandyrmak, mekdebe çenli ýaşly çagalaryň irki ýaşdan başlap, hemmetaraplaýyn sagdyn ösüp kemala gelmeklerini we olaryň mekdebe taýýarlykly barmaklaryny üpjün etmek, okuwçylary döredijilik işlerine ugrukdyrmak, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» hem-de olary durmuşa geçirmegiň Meýilnamalarynyň, okuw maksatnamalaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşmaly.
― «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda pedagogik işgärleriň awgust usuly-amaly okuwlarynda we maslahatlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesle çuňňur bilim we asylly terbiýe bermegiň möhüm meseleleri hem-de ýokary netijeli iş tejribeleri, okatmagyň täze, işjeň usullary barada giňişleýin durlup geçilmelidir.
― Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirlikleriniň, etrap (şäher) bilim bölümleriniň ýolbaşçylary pedagogik işgärleriniň usuly-amaly okuwlaryny guramaçylykly, ýokary derejede, işjeň ýagdaýda geçirmek üçin iş çäreleriniň meýilnamasyny düzmelidirler hem-de olaryň ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamalydyrlar.
― Usuly-amaly okuwlarda öz hünärine ussat, tejribeli, okuw-terbiýeçilik işlerini ylmy-usuly esasda täzeçe guraýan, döredijilikli işleýän etrap, şäher bilim bölümleriniň hünärmenleriniň, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, mugallymlaryň, terbiýeçileriň çykyşlary täsirli bolmalydyr. Usuly-amaly okuwlar işjeň pikir alyşmalar arkaly geçirilmelidir, olar boýunça anyk netijelere gelinmelidir.
― Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýaş nesle halkara ölçeglerine laýyk derejede çuňňur bilim we asylly edep-terbiýe bermek baradaky aýdan parasatly sözleri, gymmatly sargytlary we nesihatlary usuly-amaly okuwlaryň geçirilýän ýerlerinde görnükli ýerde ýazylyp goýulmalydyr. Döredijilikli we döwrebap işleýän bilim işgärleriniň iş tejribeleri boýunça hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynyň, «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa... », «Watan goragy mukaddesdir», «Arşyň nepisligi», «Gadamy batly bedew», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» eseriniň birinji we ikinji kitaplarynyň, «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmen alabaýy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ak şäherim Aşgabat», «Ömrümiň manysy» atly kitaplarynyň many-mazmunyny açyp görkezýän we giňden wagyz edýän sergiler guralmalydyr.
― Geçirilýän maslahatlara Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalaryny hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlaryny, alymlary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň, arçynlyklaryň, daýhan birleşikleriniň wekillerini, önümçiligiň öňdebaryjylaryny, uruş we zähmet weteranlaryny, hormatly dynç alyşdaky ussat mugallymlary, Hormatly il ýaşulularyny, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, habar beriş serişdeleriniň wekillerini, ata-eneleri çagyrmak ähmiýetlidir.
Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirliklerine, etrap, şäher bilim bölümlerine maslahatlarda, usuly-amaly okuwlarda berlen teklipleri öwrenmek, seljermek we umumylaşdyrmak hem-de Türkmenistanyň Milli bilim institutyna ibermek maslahat berilýär.