Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasyny gutlady

09:5606.07.2022
0
5840

Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Tailand Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

— Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar, Türkmenistan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýär — diýip, döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow öz hatynda belledi.

Şeýle-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde hem bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Maha Wajiralongkorna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Tailand Patyşalygynyň halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň