Soňky habarlar

Arhiw

Jokowiç «kembek» arkaly ýarym finala çykdy

09:5506.07.2022
0
780
Jokowiç «kembek» arkaly ýarym finala çykdy
Surat: btu.org.ua

Dünýäniň birinji raketkasy Nowak Jokowiç «Uimbldonyň» çärýek finalynda Ýannik Sinnere garşy geçen duşuşykda setler boýunça 2-0 hasabynda asgyn barýan pursatynda ýeňşi öz tarapyna agdyrmagy başardy. Has takygy, deslapky iki setde Sinnerden asgyn gelen Jokowiç oýny 5-7, 2-6, 6-3, 6-2, 6-2 hasabyndaky ýeňiş bilen tamamlady. Şeýlelikde, ATP reýtinginiň serbiýaly lideri öz karýerasynda 43-nji gezek «uly tuwulga» ýaryşlarynyň ýarym finalyna çykmagy başardy.

Ol indiki tapgyrda Kemeron Norrä garşy final ýollanmasy üçin korta çykar. Öz karýerasynda ilkinji gezek «uly tuwulganyň» ýarym finalyna çykan Norri çärýek finalda Dawid Goffeni 3-6, 7-5, 2-6, 6-3, 7-5 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň