TFF-niň kubogynyň finalçylary belli bolar

09:3606.07.2022
0
591

Şu gün Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyny almak ugrundaky geçirilýän ýaryşyň finalçylary belli bolar.

Federasiýanyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, ýarym final duşuşyklarynda «Ahal» bilen «Aşgabat», «Şagadam» bilen «Nebitçi» güýç synanyşar. Şeýlelikde, düýn bäşinji orun ugrundaky duşuşykda Mary derbisine şaýat bolan janköýerler bu gün merkezi edarasy Aşgabatda ýerleşýän iki toparyň hem-de Ballkan welaýatyna wekilçilik edýän toparlaryň derbisine tomaşa edip bilerler.

Düýn geçirilen duşuşyklaryň netijesinde ýaryşy «Merwiň» bäşinji, «Energetigiň» altynjy, Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýygyndysynyň ýedinji, «Köpetdagyň» ýaşlar düzüminiň sekizinji orny eýeländigini ýatladýarys. Türkmenistanyň U-23 ýygyndysy bolsa ýaryşy dokuzynjy basgançakda tamamlapdy.

Şu günki ýarym final duşuşyklarynyň ýeňijileri ertir ― 7-nji iýulda öz aralaarynda arzyly kubok üçin güýç synanyşarlar. Ýarym finallarda utulan toparlar bolsa üçünji orun üçin göreşerler.

TFF-niň resmi saýty ýarym final duşuşyklarynyň ikisiniň hem agşam sagat 18-de başlanjakdygyny habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň