Soňky habarlar

Arhiw

TFF-niň kubogy: «Merw» bäşinji, U-20 ýedinji ornuň eýesi boldy

09:2306.07.2022
0
661

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Kubogy ugrundaky ýaryşda bäşinji hem-de ýedinji orunlary eýelemek ugrundaky duşuşyklar geçirildi.

Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Paýtagtymyzyň “Köpetdag” toparynyň ýaşlar düzümini 2:1 hasabynda ýeňen ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndy topary (U20) TFF-niň Kubogynda ýedinji orny eýeledi. Bäşinji orun ugrunda geçirilen duşuşykda “Merw” “Energetik” toparyndan oýundan soňky bellenen 11 metrlik urgularynyň netijesinde üstün çykdy.

TFF-niň Kubogynyň ýarymfinal duşuşyklary 6-njy iýulda geçirilip, onda “Ahal” “Aşgabat” bilen “Şagadam” bolsa “Nebitçi” bilen güýç synanyşar.

Bäsleşigiň final duşuşygy 7-nji iýulda oýnalar.

7-nji orun üçin duşuşyk:

“Köpetdag II” – U20 – 1:2

5-nji orun üçin duşuşyk:

“Merw” – “Energetik” – 0:0 (5:4; 11 m.j.u.)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň