Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

23:4505.07.2022
0
8646
Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Şeýle-de onuň gün tertibine Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly we käbir beýleki meseleler girizildi.

Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işler, olaryň netijeleri barada hasabatlary berdiler. Şeýle-de olar öz ýolbaşçylyk edýän düzümlerine degişli edaralaryň ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin niýetlenen maksatnamalaryny tassyklamak baradaky Kararlaryň taslamalaryny döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlediler. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy döwletiň parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmegine gönükdirilen hemişelik Bitaraplyk syýasatyndan ugur alnyp, goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň talaplaryna laýyklykda işlenip taýýarlanan bu maksatnamalary tassyklamak hakyndaky degişli resminamalara gol çekdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda Ýaragly Güýçleriň düzüminde ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň Meýilnamalaryny tassyklamak bilen bagly meselelere-de seredildi hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

— Biz goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümini mundan beýläk hem yzygiderli kämilleşdireris. Ýurdumyzyň goranmak ukybyny has-da berkideris — diýip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow mejlisiň ahyrynda belledi we harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk we iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak babatda durmuşa geçirilýän uly işleriň mundan beýläk-de yzygiderli dowam etdiriljekdigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň