Harby we hukuk goraýjy edaralary ösdürmek bilen bagly maksatnamalar tassyklanyldy

22:4305.07.2022
0
7393
Harby we hukuk goraýjy edaralary ösdürmek bilen bagly maksatnamalar tassyklanyldy
Surat: milligosun.gov.tm

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu gün geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralaryny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamalaryny tassyklamak baradaky degişli resminamalara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, bu maksatnamalar ýurduň parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge gönükdirilen hemişelik Bitaraplyk syýasatyndan ugur alnyp, şeýle-de goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň talaplaryna laýyklykda işlenip taýýarlandy.

«Maksatnamalarda döwletimiziň goranmak ukybyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmek, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylygymyza ornaşdyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini innowasion tehnologiýalaryň esasynda, sanly ulgamyň üsti bilen has-da döwrebap derejede guramak bilen bagly örän möhüm wezipeler göz öňünde tutuldy» diýip, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleri bellenilen möhletlerde, anyk ýerine ýetirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň