Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow harby okuw mekdepleriň giriş synaglaryna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy

22:3005.07.2022
0
12704

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde 2022-nji ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işler, «Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasy, degişli düzümleriň işgärler bilen üpjünçiligini pugtalandyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Bellenilşi ýaly, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň garamagyna Ýaragly Güýçleriň düzüminde ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky Kararlaryň, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak baradaky Buýrugyň taslamalary hödürlenildi.

Döwlet Baştutany degişli resminamalara gol çekip, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglarynyň geçirilip başlanýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe, içeri işler ministri M.Hydyrowa, milli howpsuzlyk ministri G.Annaýewe, Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýewe ýolbaşçylyk edýän edaralarynyň okuw mekdeplerinde giriş synaglarynyň bellenilen kadalara doly laýyk geçirilmegine, şeýle hem okuwlara mynasyp ýaşlaryň kabul edilmegine berk gözegçilik etmek tabşyryldy. Şeýle-de okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, okatmagyň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagyna üns çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň