Türkmenistan adam hukuklary boýunça Hereketleriň milli Meýilnamasynyň täzelenen görnüşini taýýarlaýar

19:2605.07.2022
0
6810

Aşgabatda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin adam hukuklary boýunça Hereketleriň milli Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişini seljermek, şeýle hem onuň täzelenen görnüşini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyk geçirildi.

Duşuşyk Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň agzalaryny bir ýere jemledi.

Bu çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Türkmenistan hökümeti tarapyndan «2021 — 2025-nji ýyllar üçin adam hukuklary boýunça Hereketleriň milli Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine kömek bermek» meýilnamasynyň çäginde guraldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar pudagara toparyň agzalarynyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Türkmenistanda adam hukuklary boýunça täze Hereketleriň milli Meýilnamasy baradaky tekliplerine garadylar. BMGÖM-iň metbugat beýanatynda bellenilşi ýaly, pudagara komissiýanyň sekretariatyna hödürlemek üçin täzelenen Hereketleriň milli Meýilnamasynyň taslamasy taýýarlandy.

2021 — 2025-nji ýyllar üçin adam hukuklary boýunça Hereketleriň milli Meýilnamasy hökümet tarapyndan 2021-nji ýylyň aprelinde kabul edilip, ol Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek we goramak boýunça milli ulgamy güýçlendirmek, ýurduň bu ugurdaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegini gazanmak ýaly maksatlara gönükdirilendir. Şeýle hem meýilnama halkara guramalar bilen gumanitar hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky meseleleri-de öz içine alýar.

BMGÖM ady agzalan meýilnamanyň durmuşa geçirilmegine Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde goldaw berýär.

Şeýle-de, okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň