Soňky habarlar

Arhiw

Ahally fermer ýapon armydyny ösdürip ýetişdirýär

17:1105.07.2022
0
5878

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Ahmet Jumabaýew Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän ekin meýdanynda miweli baglary ösdürip ýetişdirýär. Umumy meýdany 500 gektar bolan bu ýeriň 20 gektarynda ýapon armydy, galan böleginde alma, armyt, şetda-ly, çereşnýa ösdürilip ýetişdirilýär.

Türkiýeden nahal görnüşinde getirilen ýapon armydy 2017-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ekildi. Ekin meýdanynda ösdürilip ýetişdirilýän miweli baglar halkara ISO güwänamasyna hem mynasyp boldy. Geçen ýylda bu ýerde ýetişdirilen miweli baglaryň müňlerçe tonnasy “Güneşli miwe” haryt nyşany bilen alyjylara hödürlendi.

Häzirki wagtda şetdalynyň, armydyň irki ýetişýän görnüşiniň bitginli hasyly ýygnalyp, içerki bazarlara ugradylýar. Şu ýylyň güýz paslynda almanyň, ýapon armydynyň bol hasylyna garaşylýar. Uly islegden peýdalanýan ýapon armydynyň hasylyny has-da ýokarlandyrmak hem-de eksport etmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň