Arhiw

Türkiýede hümmetsizlenme iýunda 80 göterim çaltlandy

15:5405.07.2022
0
1555
Türkiýede hümmetsizlenme iýunda 80 göterim çaltlandy
Surat: actiongid.com

Türkiýede geçen aýda hümmetsizlenmäniň depgini 78,62 göterim ýokarlandy diýip, TASS habarlar gullugy bu ýurduň Statistika institutynyň maglumatlaryna esaslanyp habar berdi.

Hümmetsizlenmäni seljeriş toparynyň garaşsyz bilermenleriniň resmi habaryna görä, maýda Türkiýede hümmetsizlenme aprelde 69,97 göterim bolanlygynyň garşysyna 73,5 göterim artdy. Resmi däl maglumatlar görkezijiniň 160 göterimden geçendigini aýdýarlar.

Türkiýäniň Merkezi banky üstümizdäki ýylyň jemi boýunça hümmetsizlenmäni 64,59 göterim derejede çaklaýar.

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna ýyllyk hümmetsizlenme iýunda bir aý öň 8,1 göterim bolanlygyndan rekord derejä, ýagny 8,6 göterime çenli ýokarlandy. Eurostat edarasynyň maglumatlaryna görä, bu görkeziji ÝB-da hümmetsizlenmäniň ýagdaýyna gözegçiligiň bütin taryhynda iň ýokary bolmagynda galýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň