Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan halkara ulag geçelgesi boýunça altytaraplaýyn maslahata gatnaşdy

14:0705.07.2022
0
2298
Türkmenistan halkara ulag geçelgesi boýunça altytaraplaýyn maslahata gatnaşdy
Surat: newscentralasia.net

Ýakynda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon Ata şäherinde «Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti (AÝUS) — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa» ugry boýunça halkara ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen oňa gatnaşyjy döwletleriň birnäçesiniň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda altytaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Bu barada Gyrgyz demir ýollary edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşyga Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Gruziýanyň, Türkiýäniň, şeýle-de Azerbaýjanyň logistika kompaniýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Olar duşuşygyň dowamynda bu taslamanyň häzirki netijelerini maslahatlaşmak bilen, onuň ugrunda ýerleşýän ähli döwletleriň gatnawlary ýygjamlaşdyrmaga, onuň logistik çözgütlerini tiz amala aşyrmaga uly täsiriniň bardygyny bellediler. Munuň netijesinde bolsa ýükleriň mukdarynyň yzygiderli artdyryljakdygy, şeýle-de ýük daşamalarynyň guramaçylykly ýola goýuljakdygy nygtaldy.

Çäräniň ahyrynda bolsa onuň netijelerine laýyklykda, bu halkara ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini we onuň çäginde ýakyn geljekde amal ediljek işleri kesgitleýän Ylalaşyga gol çekildi.

«AÝUS — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa» ugry boýunça geçýän halkara ulag geçelgesiniň giňden peýdalanylmagyna başlangyç bolup hyzmat eden bu ugurdaky ilkinji duşuşyk 2019-njy ýylda Daşkentde geçirilipdi. Onda gatnaw ugry boýunça konteýner otlularynyň ýük daşaýyş tizligini ýokarlandyrmak bilen bäsdeşlige ukyply nyrhnamalary girizmek barada bellenilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň