«Volvo» satuwlaryny 27 göterim azaltdy

11:2705.07.2022
0
718

Şwesiýanyň «Volvo Car AB» awtoulag öndürijisiniň satuwlary iýunda ýyllyk hasaplamada Hytaýda girizilen lokdaunlar bilen baglylykda emele gelen düzüm bölekleriniň ýetmezligi sebäpli, 26,9 göterim azaldy. Iýunda kompaniýa bir ýyl mundan öň 68224 sany awtoulag satuwynyň ýerine 49904 sany maşyn satdy. Bu barada «Volvo» kompaniýasynyň metbugat habarnamasynda aýdylýar diýip, «Interfax.ru» ýazýar.

Awtoulagyň düzüm bölekleriniň gytlygy, esasan, elektrik ulaglaryň we gibrid awtoulaglaryň önümçiligine güýçli täsir etdi.

Netijede, satuwlar Ýewropada 1,4 esse, ýagny 16 039 birlige, Hytaýda 1,3 göterim, 16 468 awtoulaga, ABŞ-da - 31,2 göterim, 8434 birlige çenli kemeldi.

Martda «Volvo» ýarymgeçirijileriň ýetmezçiliginiň kompaniýanyň önümçilik möçberlerine ikinji çärýekde ýaramaz täsir etjekdigini duýdurypdy. Häzir kompaniýa öz ulaglaryna islegiň ýokarydygyny, önümçilik babatda öňegidişligiň bardygyny nygtaýar.

Emma «Volvo Cars» elektrik we gibrid awtoulaglar üçin düzüm bölekleriň üçünji çärýekde-de dowam etjekdigini habar berdi.

Şu ýylyň başyndan bäri «Volvo» kompaniýasynyň paýnamalary 23 göterim arzanlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň