Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistanyň we Özbegistanyň futzal ýygyndylary dört günde üç ýoldaşlyk duşuşygyny geçirerler

11:2805.07.2022
0
887

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2022-däki garşydaşlary Özbegistanyň we Täjigistanyň ýygyndylary şu aýda öz aralarynda ýoldaşlyk duşuşyklarynyň üçüsini geçirerler.

Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, bu duşuşyklar 14, 15 we 17-nji iýul günlerinde Jizah şäherinde geçiriler.

Täjik ýygyndysy baş tälimçi Paýraw Wohidowyň ýolbaşçylygynda 7-nji iýulda ýurduň Milli bankynyň Gülüstan şäherindäki Okuw-türgenleşik merkezinde türgenleşiklere girişer.

Şu ýylky Aziýanyň kubogynyň 27-nji sentýabrdan ― 8-nji oktýabra çenli aralykda Kuweýtde geçiriljekdigini ýatladýarys. Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Bahreýniň ýygyndylary «B» toparçada ýaryşarlar. Ýaryşyň çägindäki Türkmenistan ― Täjigistan duşuşygy 1-nji oktýabrda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň