Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşda şu gün Mary derbisi geçiriler. Has takygy, Mary welaýatyna wekilçilik edýän «Merw» hem-de «Energetik» toparlary şu gün öz aralarynda ýaryşyň bäşinji orny üçin göreşerler. TFF-niň resmi saýty bu duşuşygyň agşam sagat 18-de başlanjakdygyny habar berdi.
Şeýle hem şu gün ýaryşyň ýedinji orny ugrundaky duşuşyk geçiriler. Bu duşuşyk «Köpetdagyň» ýaşlar düzümi bilen Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň arasynda bolar.
Jemi 9 toparyň arasynda geçirilen ýaryşda iň soňky orny Türkmenistanyň 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy eýeledi. Ýaryşyň ýarym final duşuşyklarynyň ertir geçiriljekdigini ýatladýarys.