Soňky habarlar

Arhiw

Rodeniň «Akyldary» 10 million ýewro satyldy

21:5704.07.2022
0
762
Rodeniň «Akyldary» 10 million ýewro satyldy
Surat: REUTERS/Sarah Meyssonnier

«Christie's» söwdalaşyk öýünde nusgawy heýkeltaraş Rodeniň 1928-nji ýyl bilen senelenýän meşhur «Akyldar» atly heýkeliniň nusgasy 10,7 million ýewro satyldy.

«Akyldar» Rodeniň naýbaşy eseri bolmak bilen, bütin dünýäde iň meşhur heýkelleriň biridir. Heýkeltaraş ony 1880-nji ýylda döredipdir. Roden heýkeli köp yhlas siňdirip, ululy-kiçili onlarça nusgada taýýarlapdyr.

«Rodeniň muzeýinde «Akyldaryň» nusgalarynyň 17 bürünç guýmalary saklanýar. Olar ilkibaşky we häzirki belli bolan nusgalardyr. Olary Roden dirikä, Griffulyň, Fransua Rudýeniň we Aleksis Rudýeniň ussahanalarynda guýupdyrlar. Aleksis Rudýe heýkeltaraş aradan çykansoňam eseriň 17 sany bürünç nusgasyny guýupdyr, olaryň biri-de häzirki söwdalaşyga çykarylan nusgadyr» diýip, «Christie's» söwda öýüniň wekilleri gürrüň berdiler. Bu barada «Izwestiýa» habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň