Özbegistanyň futzal ýygyndysy Daşkentde türgenleşiklere girişdi

16:4504.07.2022
0
1007

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2022-däki garşydaşy ― Özbegistanyň ýygyndysy şu günler Daşkent şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär.

«Championat.asia» saýty baş tälimçi Bahodir Ahmedowyň okuw-türgenleşik ýygnanyşygy üçin 20 futzalçyny çagyrandygyny habar berdi. Türgenleşikleriň çäginde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň hem birnäçesi geçiriler. Türgenleşikler 18-nji iýula çenli dowam eder.

Ýeri gelende aýtsak, futza boýunça Aziýanyň kubogy 25-nji sentýabr ― 20-nji oktýabr aralygynda Kuweýtde geçiriler. Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýygyndylary «B» toparça wekilçilik edýär. Bu toparçada Bahreýniň we Täjigistanyň ýygyndylary hem bar.

Türkmen ýygyndysy yklym ýaryşyna taryhynda ýedinji gezek gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň