Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy Duşenbe şäherinde türgenleşýär

16:3004.07.2022
0
534

Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysynyň CAFA ― 2022-däki ilkinji garşydaşy ― Täjigistanyň ýygyndysy baş tälimçi Ýusuf Rabiýewiň ýolbaşçylygynda Duşenbe şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýär. Bu barada ýurduň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berdi.

Häzir baş tälimçi futbolçy gyzlaryň 30-syny milli ýygynda çagyryldy. Ýaryşa olaryň 23-si gatnaşyp biler.

Türkmenistanyň we Täjigistanyň zenanlar ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk 8-nji iýul güni Aşgabat wagty bilen agşam sagat 22-de başlanar. Jemi bäş ýygyndynyň gatnaşmagyndaky sebitleýin ýaryş bir aýlaw görnüşinde geçirilip, iň köp utuk ýygnan ýygyndy CAFA-nyň 2022-nji ýyldaky çempiony bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň