Aşgabatda «Işewür aragatnaşygyň psihologik medeniýeti» mowzugy boýunça okuw geçiriler

14:4604.07.2022
0
6878

Köpçülikleýin teklipler esasynda «Iş nokady» topary «Işewür aragatnaşygyň psihologik medeniýeti» mowzugy boýunça okuw taýýarlady. Topar ähli isleg bildirýänleri 7-nji iýulda okuwa gatnaşmaga çagyrýar.

Okuwy bu ugurdan tejribeli hünärmen — uly tejribesi bolan mugallym Olga Gasanowa geçýär. Hünärmen «Işewürlik etikasy» dersiniň awtory hökmünde hem giňden tanalýar.

Okuw aşakdaky meseleleri öz içine alar:

  • Amatly psihologik gurşawyň döredilmegi;
  • Özüňizde gowy täsir galdyrmak;
  • Söhbetdeşiň sesinden we hereketinden içki dünýäsini öwrenmek;
  • Söhbetdeşi psihologik usul bilen diňlemek;
  • Sözleýiş we diňlemek medeniýeti hem-de işewür söhbetdeşligiň psihologik medeniýeti.

Şeýle-de, gatnaşyjylara birnäçe peýdaly maslahatlar berler.

Okuw wagtynda alan bilimleriňiz we endikleriňiz özüňizi köpçülikde dogry alyp barmagyňyza kömek eder.

Okuwa şu salgydan ýazylyp bilersiňiz.

Okuw 18:30-da başlar. Bahasy 250 manat.

Ýaş çäklendirmeleri — 18 ýaş we ondan uly.

Salgysy: «Berkarar» Biznes-merkezi, 10-njy gat, J1 blok.

Telefon arkaly habarlaşmak üçin: +993 12 46-81-65.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň