Soňky habarlar

Arhiw

«Arsenal» Gabriel Žezusy öz düzümine goşdy

13:4604.07.2022
0
611

Bu barada toparyň resmi sosial hasabynda habar berildi. Braziliýaly forwardyň transferi «topçular» üçin 45 million funt-sterlinge düşüpdir. Žezus täze toparynda dokuzynjy belgili köýnekçede çykyş eder. Ozal bu belgili köýnekçede london toparyny erkin agent hökmünde terk eden fransiýaly Aleksandr Lýakazet top depýärdi.

Maglumat üçin, Gabriel Žezus ozalky topary «Mançester Sitiniň» düzüminde bäş möwsüm çykyş edipdi. «Transfermarkt» portaly «Arsenalyň» 45 million funt-sterlinge satyn alan braziliýaly hüjümçisiniň bahasyny 50 million ýewro möçberde kesgitleýär. Ýeri gelende, Žezusyň öz wagtynda «şäherlileriň» baş tälimçisiniň kömekçisi bolan, häzirki wagtda «Arsenaly» türgenleşdirýän Mikel Arteta bilen bile işleşendigini bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň