Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen alymlary ekologiýa zyýansyz sement önümçiliginiň üstünde işleýärler

12:0304.07.2022
0
1073

TYA-nyň Himiýa institutynyň alymlary sement önümçiliginiň daşky gurşawa bölüp çykarýan zyýanly galyndylaryny azaltmak baradaky teklipleri öňe sürýärler.

«Türkmenistan» gazetinde ýazylyşy ýaly, önümçiligiň ekologik oňaýlylygyny üpjün etmek üçin öndürilýän önümiň bir birligine sarp edilýän çig mallary we ýangyjy azaltmagyň üstünde degişli işleri geçirmek maksadalaýykdyr. Elbetde, bu ugurda sarp edilýän maddy we energiýa serişdelerini tygşytlamagyň netijeli ugurlarynyň biri-de mineral goşundyly sement önümçiligini ýola goýmakdyr. Şunda sement klinkerine pussolan magdanlary görnüşindäki mineral goşundylar bilelikde owradylyp goşulsa, has uly netijeleri gazanyp bolýandygy ylmy çeşmelerde aýratyn bellenilýär.

Ylmy maglumatlara görä, köp mukdarda, ýagny 1 tonna sement öndürilende, takmynan, 0,7 tonna kömürturşy gazy bölünip çykýar. Diýmek, bu önümçiligiň ekologiýasyny gowulandyrmak has-da derwaýys meseleleriň biridir.

Şeýle ýagdaý nazara alnyp, TYA-nyň Himiýa institutynda bu ugurdan degişli ylmy-amaly barlaglar geçirilip, oňyn netijeler alyndy. Bu işde, ilki bilen, sement önümçiliginde daşky gurşawa bölünip çykýan kömürturşy gazynyň iki çeşmesi ýüze çykaryldy. Birinjisi, klinker almak üçin çig mal garyndysy 900 — 950°C gyzdyrylyp, kalsinasiýa prosesi geçirilende emele gelýär. Has takygy, şeýle ýagdaý çig mal garyndysynyň, takmynan, 80 göterimini düzýän hek daşynyň, ýagny kalsiý karbonatynyň 900 — 950 dereje gyzgynlykda dargamagy bilen bolup geçýär. Kalsiý karbonatynyň 44 göterimi kömürturşy gazydyr. Çig mal garyndysynyň bolsa, takmynan, 80 göterimi hek daşydyr.

Sement önümçiligindäki kömürturşy gazynyň emele gelmeginiň ikinji çeşmesi klinker pejini 1400 — 1500°C temperaturada gyzdyrmak üçin ulanylýan ýangyjyň ýakylmagydyr. Ýurdumyzdaky sement zawodlarynda ýangyç hökmünde tebigy gaz ulanylýar. Tebigy gazyň himiki düzümi, esasan, metandan ybarat bolup, ol ýananda emele gelýän önümiň biri kömürturşy gazydyr. Has anygy, şunda kömürturşy gazy sarp edilýän tebigy gazyň göwrüm mukdaryna barabar bolan göwrümde emele gelýär.

Türkmenistanda hereket edýän sement zawodlarynda mineral goşundyly sementi öndürmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça geçirilen ylmy-amaly barlaglaryň netijesinde döwlet standartyna laýyklykda, ýerli çig mallaryň esasynda 20 göterim goşundyly sementi öndürip boljakdygy ýüze çykarylyp, bu eýýäm önümçilige ornaşdyryldy. Şeýle hem adaty portland sementiniň maddy balansyndan ugur alyp, 1 tonna 20 göterim mineral goşundyly sement öndürmek üçin sarp edilýän maddy we energiýa serişdeleri boýunça hasaplamalar geçirilip, şunda 20 göterim mineral goşundyly sement öndürilende, maddy we ýangyç-energetika serişdeleriniň tygşytlanylyşy aýratyn bellemäge degişlidir. Netijede, 20 göterim mineral goşundyly sement öndürilende, sementiň her tonnasynda 142,4 kg kömürturşy gazynyň daşky gurşawa bölünip çykmagynyň öňüni alyp boljakdygy anyklanyldy. Ylmy barlaglaryň önümçilige ornaşdyrylmagy ekologik abadançylygy üpjün etmekdäki köpugurly tagallalara mynasyp goşant bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň