Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek üçin çäreleriň uly toplumy göz öňünde tutulýar

11:5204.07.2022
0
810

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek boýunça onlaýn maslahat geçirdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda utgaşykly görnüşde guralan bu maslahata degişli hödürnamany taýýarlamak üçin döredilen işçi toparyň agzalygyna girýän ugurdaş döwlet düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. ÝUNESKO-nyň degişli hünärmenleri bolsa oňa onlaýn usulda goşuldylar.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa maslahaty açyp, çärä onlaýn tertipde gatnaşýan BMG-niň Bilim, ylym, medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň aragatnaşyk, şäherler we çäreler bölüminiň başlygy Denis Baksy Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek üçin hödürnamany taýýarlamak boýunça täze döredilen işçi toparyň agzalary bilen tanyşdyrdy hem-de bu ugurda häzirki wagtda alnyp barylýan meýilnamalaýyn işler barada gürrüň berdi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 30-njy aprelinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynda degişli işçi toparyň birinji mejlisi geçirilip, Aşgabady «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek üçin hödürnamany taýýarlamak boýunça bilelikdäki işleriň meýilnamasy hödürlenildi. Oňa laýyklykda, ýylyň ikinji çärýeginde Aşgabadyň doganlaşan şäherleriniň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň gatnaşmagyna «Dizaýn — 2022» atly Aşgabat forumyny we halkara sergini, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýanyň hem-de Azerbaýjanyň meşhur dizaýnerlerini bir ýere jemlejek Aşgabat dialogyny, dizaýn ugurly aýry-aýry halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýup, olaryň wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde ilkinji dialogy geçirmek göz öňünde tutulýar. ÝUNESKO-nyň wekilini meýilleşdirilen çäreler bilen tanyşdyryp, milli toparyň jogapkär sekretary häzirki wagtda bu ugurda yzygiderli gepleşikleriň geçirilýändigini habar berdi.

BMG-niň Bilim, ylym, medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň aragatnaşyk, şäherler we çäreler bölüminiň başlygy Denis Baks öz çykyşynda Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek üçin hödürnamany taýýarlamakda raýat jemgyýetiniň, aýry-aýry şahsyýetleriň, subýektleriň işjeň gatnaşygyny, dizaýnyň şäheriň ösüşinde esasy ugurdygyny açyp görkezmegi, dizaýn bilen bagly milli we halkara derejede çäreleriň geçirilişini giňden beýan etmegi, bu ugurdaky işleri Aşgabadyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki baý tejribesi bilen utgaşdyrmagy esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi. Nygtalyşy ýaly, hödürnamada şäheriň «Dizaýn» ugry boýunça mümkinçiliklerini artdyrýan maglumatlar giňişleýin, anyk mysallar arkaly açylyp görkezilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, hanym Denis Baks öz çykyşynda Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek ugrunda alnyp barylýan işlere ýakyndan ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.

Maslahatda çykyş eden ÝUNESKO-nyň aragatnaşyk, şäherler we çäreler bölüminiň taslamalar boýunça jogapkär işgäri Kiaobo Ni hem, öz gezeginde, döredijilik şäherleriniň toruna girmek üçin hödürnamany taýýarlamakda ÝUNESKO tarapyndan maslahat berilýän esasy teklipler barada aýdyp, onda Aşgabadyň ösüşine senagat-önümçilik, durmuş we hyzmatdaşlyk dizaýnynyň, doganlaşan şäherler bilen özara gatnaşyklaryň oňyn täsirini giňişleýin beýan etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Çärä gatnaşyjylar ÝUNESKO-nyň hünärmenleriniň teklipdir maslahatlarynyň paýtagtymyz Aşgabady «Dizaýn» ugurly döredijilik şäherine öwürmek boýunça alnyp barylýan işlerde gymmatly gollanma boljakdygyny belläp, hödürnamany bildirilýän talaplara laýyklykda taýýarlamak üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň