Türkmenistan Osakada geçiriljek «EKSPO — 2025»-e gatnaşmak üçin taýýarlyk görüp başlady

11:3004.07.2022
0
3666
Türkmenistan Osakada geçiriljek «EKSPO — 2025»-e gatnaşmak üçin taýýarlyk görüp başlady

Türkmenistan 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýada geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin taýýarlyk görüp başlady.

Şunuň bilen baglylyk-da, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Milli pawilýonyň taýýarlygyna başlady. Milli pawilýon «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek» bölüminde ýerleşdiriler diýlip garaşylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Osakadaky milli pawilýonyň taslamasyny düzmek we gurmak barada halkara bäsleşik yglan edildi. Bäsleşige teklipleri bermegiň möhleti 2022-nji ýylyň 25-nji iýuly, sagat 18:00-a çenli.

Bäsleşigiň resminamalaryny şu salgydan alyp bilersiňiz: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 52-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-64-77, 44-63-00, 44-63-66, 44-63-54.

Türkmenistanyň Osakada geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmagy baradaky Kararyň 24-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde yglan edilendigini ýatladýarys.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň