Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününe bagyşlanan konsert «Siz bilen geçen ýolum ýadymda» diýlip atlandyryldy

21:3303.07.2022
0
4045

Habar berşimiz ýaly, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bellenilýän gününde, ýagny 27-nji iýunda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçirilen konsert türkmen teleýaýlymlary arkaly tomaşaçylara ýetirildi.

Konsertiň başynda Kerim Berdimuhamedow çykyş edip, döredijilik topary bilen bilelikde, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa 65 ýaşy mynasybetli «Siz bilen geçen ýolum ýadymda» atly aýdym-sazly konserti sowgat hökmünde taýýarlandyklaryny aýtdy. Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow sahna çagyryldy.

Meşhur türkmen sungat ussatlarynyň birnäçesi bu konsertde Gurbanguly Berdimuhamedowyň dürli ýyllarda döreden we ýerine ýetiren aýdymlaryny aýtdylar.

Konsertiň dowamynda häzirki zaman aýdymlary bilen bilelikde, «Leýlisaç barada rowaýat», «Ak güllerim saňa», «Ýadymda», «Bagt nury», «Rowaç» diýen aýdymlar tomaşaçylar tarapyndan uly şowhun bilen garşylandy. Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow konserte gatnaşyjylar bilen bilelikde «Arzuw», «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly aýdymlaryny ýerine ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň