Soňky habarlar

Arhiw

Dalaşgärleriň bäsleşigi Nepomnýaşiniň ýeňşi bilen tamamlandy

21:1503.07.2022
0
609

Dalaşgärleriň bäsleşiginde Ýan Nepomnýaşi ýeňiji boldy we Magnus Karlsen bilen küşt täji ugrunda bäsleşer.

13-nji tapgyrda rus küştçüsi wengriýaly Riçard Rapport bilen deňme-deň oýnady we 9 utuk toplap, möhletinden öň ýeňiş gazandy.

Ýeri gelende bellesek, Nepomnýaşi dalaşgärleriň bäsleşiginde yzygiderlikde iki gezek ýeňiş gazanan ilkinji küştçi boldy.

Nepomnýaşi ozal, ýagny 2021-nji ýylyň ahyrynda küşt täji ugrundaky bäsleşikde Karlsen bilen duşuşypdy. Şol gezekki oýunlarda norwegiýaly küştçi uly aratapawut bilen ýeňiş gazandy (7,5:3,5).

Eger küşt täji ugrundaky bäsleşikde Karlsen çykyş edip bilmese, onda Nepomnýaşiniň garşysyna amerikaly Hikaru Nakamura ýa-da hytaýly Ding Lijen çykar.

Küşt täji ugrundaky dünýä çempionatynyň esasy oýny 2023-nji ýylda geçiriler. Duşuşygyň geçiriljek ýeri heniz belli edilmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň