Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdymlary ýerine ýetirilen konsert şu gün ýaýlyma berler

14:5603.07.2022
0
18746
Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdymlary ýerine ýetirilen konsert şu gün ýaýlyma berler
Surat: TDH

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 27-nji iýunda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçirilen sungat ussatlarynyň konserti türkmen telewideniýesinde ýaýlyma berler. Meşhur türkmen sungat ussatlarynyň birnäçesi bu konsertde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň dürli ýyllarda döreden we ýerine ýetiren aýdymlary bilen çykyş etdiler.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ildeşlerimiz bu konserte şu gün sagat 19:40-da Türkmenistanyň ähli teleýaýlymlary arkaly tomaşa edip bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň