Artik & Asti toparynyň aýdymçysy Türkmenistandaky myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirdi

14:3603.07.2022
0
23550

Artik & Asti pop toparynyň aýdymçysy Sewil Weliýewa Türkmenistandaky myhmansöýerlik üçin hoşallygyny bildirdi. Bu toparyň sişenbe güni Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmeniň Ak öýi» binasynyň öňünde çykyş edendigini ýatladýarys.

Aýdymçy hoşallyk sözüni jemyýetçilik torlaryndaky hasabyndan şeýle paýlaşdy:

«Ýürekdeşlik we ýakynlyk üçin köp sag boluň! Yşyklar we sesiň berlişi ajaýypdy. Gaýtadan duşuşýançak, köp sag boluň!».

Aýdymçynyň hoşallygynyň «köp sag boluň!» diýen bölegini türkmen dilinde ýazandygyny habar bermek has ýakymlydyr.

Toparyň bu konsertde «Грустный дэнс», «Девочка танцуй», «Истеричка» atly aýdymlaryny ýerine ýetirendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň