Soňky habarlar

Arhiw

Aýdymçy Balqees Türkmenistanda galdyran täsirleri paýlaşdy

14:1703.07.2022
1
18742

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda türkmen hem-de daşary ýurtly aýdymçylaryň gatnaşmagynda şowhunly konsert geçirildi. BAE-den gelen estrada aýdymçysy Balqees (Balkis Ahmed Fathi) Turkmenportala beren interwýusynda Türkmenistandan alan täsirleri barada gysgaça gürrüň berdi. Belläp geçsek, bu meşhur aýdymçynyň Türkmenistandaky ilkinji konsertidir.

«Bu meniň Türkmenistana ilkinji saparym. Bu ýurduň gözelligi meni haýran galdyrdy. Bu gözellik mende ýakymly täsir galdyrdy. Türkmenistanyň halkynyň we hökümetiniň öňünde milli lybaslarymyzda milli aýdymlarymyz bilen Birleşen Arap Emirliklerine wekilçilik etmek meniň üçin bagt. Bu meniň Türkmenistanda soňky çykyşym däl-de, tersine uly bir zadyň başlangyjy diýip umyt edýärin. Köp sagboluň, men diýseň bagtly» - diýip aýdymçy belledi.

Ýatlatsak, Balqees konsert wagtynda çykyşlaryny arap dilinde ýerine ýetirdi.

Balqees bilen bir sahnada türkmen sungat ussatlary, şeýle hem Dr. Alban, Akon, Artik & Asti, Demet Akalyn, Emin Agalarow, Fardaws Hoşimow, Mari Kraýmbreri we Jukebox Trio topary çykyş etdi.

Wakalaryň bolan ýerinden wideolary we fotoreportažy dykgatyňyza ýetirýäris.

Şeýle-de, okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň