Arhiw

TFF-niň kubogy: «Energetigiň» ýeňiş gazanan tapgyrynda «Şagadam» utuk ýitirdi

17:5402.07.2022
0
451
TFF-niň kubogy: «Energetigiň» ýeňiş gazanan tapgyrynda «Şagadam» utuk ýitirdi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň ikinji tapgyrynyň çäginde “B” toparça wekilçilik edýän toparlar öz duşuşyklaryny geçirdiler. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Bu tapgyryň çäginde duşuşan “Şagadam” bilen “Aşgabat” toparlary 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndysy (U20) bilen duşuşan Mary şäheriniň “Energetik” topary 4:3 hasabynda ýeňiş gazandy.

Şeýlelikde, 4 utukdan toplan “Şagadam” bilen “Energetik” toparlary “B” toparçada öňdäki orunlary eýeleýärler. “Aşgabat” topary iki utuk toplamagy başardy.

TFF-niň Kubogynyň çäginde “A” toparçanyň wekilleri dördünji tapgyryň duşuşyklaryny ikinji iýulda geçirerler: “Ahal” – “Köpetdag II”, “Merw” – “Nebitçi”.

Ikinji tapgyryň netijeleri:
“B” toparça
U20 – “Energetik” – 3:4
“Şagadam” – “Aşgabat” – 1:1

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň