Lebaply hususyýetçiler şu ýyl 1000 tonna golaý süýt we süýt önümlerini taýýarladylar

17:5102.07.2022
0
4039

Lebap welaýatynyň hususyýetçileri şu ýylyň birinji ýarymynda jemi 1000 tonna golaý süýt we süýt önümlerini taýýarlap, ildeşlerimize ýetirdiler. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu asylly işe aýry-aýry hususyýetçileriň has uly goşant goşýandygyny nygtamak gerek. Dänewli telekeçi Begenç Oraznepesowyň ýolbaşçylygyndaky «Bereketli jaý» hususy kärhanasynyň maldarçylyk hojalygynda ýylyň alty aýynda tutuş welaýat boýunça taýýarlanan süýt we süýt önümleriniň bäşden birine golaýy taýýar edilip, alyjylara ugradyldy. Has takygy, bu ýerde ýylyň birinji ýarymynda 182 tonnadan gowrak süýt we süýt önümleri alyjylara ugradyldy. Çärjew etrabyndan telekeçi Berdimyrat Möwlamow bolsa ýylyň başyndan bäri taýýarlanan süýt we süýt önümleriniň mukdaryny 75 tonna ýetirdi.

Şeýle hem bereketli desterhanlarymyza Çärjew etrabyndan Begmyrat Aýmyradow 55, Dänew etrabyndan Jemşit Demirow bilen Farapdan Patma Jumaýewa 50, Saýat etrabyndan Alym Joraýew 42, çärjewli hususyýetçi Mansur Altybaýew 39, Dänew etrabyndan «Medetkär» daýhan hojalygy (ýolbaşçysy Islam Babajanow) bilen çärjewli hususyýetçi Täji Täjiýew 38, ýene-de Çärjew etrabyndan Ramazan Hojamkulyýew 37, Bagtyýar Seýidow bilen Rozykuly Mämmedow 30 tonna önüm bilen goşant goşdular.

Umuman, gündogar sebitiň hususyýetçileriniň 50-den gowragy süýt we süýt önümlerini taýýarlamak, olary täzeligine ilata ýetirmek bilen meşgullanýarlar. Döwlet tarapyndan döredilýän döwrebap mümkinçilikler bolsa olaryň işiniň barha ilerlemegine itergi berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň