Türkmenistanda täze guruljak Gün elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň enjamlary we materiallary üçin potratçy gözlenýär

17:2202.07.2022
0
14757

Gün elektrik stansiýasyny gurmak ýurduň uzak we barmasy kyn künjeklerinde meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Energetika ministrligi enjamlar we materiallar bilen üpjün etmek boýunça halkara tender yglan etdi.

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, tender boýunça teklipleri tabşyrmagyň möhleti 2022-nji ýylyň 24-nji awgustyna çenli dowam eder.

Dalaşgärler lot we tehniki talaplaryň aýratynlyklary baradaky maglumatlary almak üçin Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň degişli bölümine ýüz tutup bilerler.

Salgysy: Aşgabat ş. Nowaýy köç. 55-nji jaý.

Telefon belgiler:( +993 12) 37 94 31; (+993 12) 37 94 33.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň