Aşgabatda Belarusyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabara geçirildi

14:0002.07.2022
1
6491

Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli penşenbe güni dabaraly kabul edişlik geçirildi. Bu barada Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýtynda habar berildi.

Dabara Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, işewür we jemgyýetçilik toparlary, Türkmenistanda akkreditlenen halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň we ofisleriniň wekilleri gatnaşdy.

Kabul edişligiň dowamynda myhmanlar Belarusyň Milli kitaphanasy tarapyndan taýýarlanan «Tokaý aýdymy» atly köp görnüşli sergä tomaşa etdiler.

Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni 1996-njy ýyldan bäri her ýylyň 3-nji iýulynda bellenilýär we Respublikanyň baş baýramçylygydyr. Bu sene Beýik Watançylyk urşy döwründe, ýagny 1944-nji ýylda Minsk şäheriniň azat edilen günüdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň