Tunisli aýdymçy Amani Swissi mähirli garşy alandygy üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

13:0402.07.2022
0
14463

Tunisli aýdymçy Amani Swissi mähirli garşylandygy üçin, Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi. 28-nji iýunda ol Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki sahnada konsert bilen çykyş etdi.

«Begenjimiň çägi ýok. Dünýä belli artistlereriň ençemesi bilen bile gatnaşan bu dabaramyz diýseň ajaýyp boldy.

Söýgiňiz hem goldawyňyz üçin size minnetdar.

Aşgabat şäherine, Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna ol ýerde alan goldawym üçin çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin» - diýip, artist sosial sahypalarynda ýazypdyr.

Ýatlatsak, Amani Swissi konsertde aýdymlaryny arap dilinde ýerine ýetirdi. «Eý daragym batlan» türkmen aýdymynyň häzirki zaman äheňinde ýerine ýetirilmegi çykyşyň özboluşly bölegini düzdi.

Amani Swissi bilen bir sahnada türkmen sungat ussatlary, şeýle hem Dr. Alban, Akon, Artik & Asti, Demet Akalyn, Emin Agalarow, Fardaws Hoşimow, Mari Kraýmbreri, Balkis Fathi we Jukebox Trio topary ýaly dünýä belli aýdymçylar çykyş etdi.

Wakalaryň bolan ýerinden wideolara we fotoreportaža syn etmäge çagyrýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň