Soňky habarlar

Arhiw

«Pokemon Go» oýnuny dörediji işgärlerini 8 göterim azaltdy

14:2201.07.2022
0
553
«Pokemon Go» oýnuny dörediji işgärlerini 8 göterim azaltdy
Surat: trashbox.ru

Amerikanyň «Niantic Inc.» kompaniýasy öz işgärleriniň sanyny 8 göterime çenli kemeltdi we häzir oýunlary döretmek babatda emele gelen kynçylyklar zerarly taslamalarynyň birgidenini togtatdy. Bu barada «Interfaks» ýazýar.

Habarda kompaniýanyň «NBA All-World» ýaly, goşmaça reallyk girizilen oýunlarda ünsi jemleýändigi aýdylýar. Şeýle-de önümçilikçi «Lightship» platformasyny işläp düzmekde we «Pokemon Go» oýnuny ösdürmekde iş alyp barýar.

Tehnologik kompaniýalaryň köpüsiniň soňky döwürde işgär saýlap almak babatda depgini gowşatmaga ýa-da iş orunlaryny boş galdyrmaga mejbur bolýandygy, muňa bolsa ykdysadyýetdäki durgunlylykdan ätiýaçlanma we paýnamalaryň bahalarynyň pese gaçmagy sebäp bolýar diýip, «MarketWatch» neşiri ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň