Gazagystanda ýene örtük dakynmak düzgüni girizilip bilner

14:3201.07.2022
0
1678
Gazagystanda ýene örtük dakynmak düzgüni girizilip bilner
Surat: tengrinews.kz

Gazagystanda agyz-burun örtügini dakynmak düzgüni dikeldilip bilner. Muňa koronawirus ýokanjy bilen keselleýänleriň artýandygy sebäp boldy, olaryň sany soňky günlerde 3,5 esse köpeldi. Esasan, Almatyda we Nursultanda kesellänler köp. Bu meselä ýurduň hökümetara geňeşinde jikme-jik garalar diýip, «MIR24» habar berýär.

Sanjym— esasy mesele. Häzir ýagdaý o diýen howsalaly däl. Emma kesellileriň sany köpeldigisaýy agyz-burun örtügini dakynmak düzgüni dikeldiler. Bu wagt gije-gündizde 100 adam keselleýär. Umuman, hökümetara geňeşde diňe örtük däl, eýsem, umumy çäreler barada-da gürrüň ediler» diýip, Gazagystanyň premýer-ministriniň orunbasary Ýeraly Tugjanow metbugata beren beýanatynda belledi.

Geçen günlerde ýurtda 137 sany ýokanç degen adam hasaba alyndy, birnäçe hepde mundan öň olaryň sany 42-di.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň