Ýair Lapid Ysraýylyň hökümet başlyklygyna saýlandy

10:5301.07.2022
0
1073

Ysraýylyň hökümet başlyklygy resmi taýdan Naftali Bennetden («Täze sagçylar» partiýasy) Ýair Lapide («Eş Atid» partiýasy) geçdi diýip, ýurduň metbugaty şu gün, annada säher bilen habar berdi. Bu barada «Interfaks» ýazýar.

Ýurduň öňki daşary işler ministri Lapid: «Biz güýçli we gülläp ösýän ýewreý demokratik döwleti üçin elimizde bolanyny ederis, sebäbi bu biziň işimiz we ol ähli zatdan wajypdyr» diýip, öňki premýer-ministrden wezipe ygtyýarlylyklaryny kabul ediş dabarasynda eden çykyşynda belledi» diýip, «The Times of Israel» gazeti ýazýar.

Lapid häzirki hökümeti Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklanýança dolandyrar, ol 1-nji noýabrda geçjek parlament saýlawlarynyň netijeleri boýunça düzüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň