Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk Şertnamasyna gol çekmegi meýilleşdirdiler

12:1701.07.2022
0
5258
Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk Şertnamasyna gol çekmegi meýilleşdirdiler

Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň döwlet Baştutanlary ýakyn wagtda Konsultatiw duşuşygy geçirmegi meýilleşdirýärler.

Bu barada Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň telefon arkaly söhbetdeşligine salgylanyp, Täjigistanyň Sputnik web saýty habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda bu çäräni şu tomusda geçirmegiň meýilleşdirilýändigi bellenildi. Mundan öňki Merkezi Aziýa döwletleriniň Konsultatiw duşuşygy bolsa 2021-nji ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilipdi.

Şol geçirilen Konsultatiw duşuşykda Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň döwlet Baştutanlary Merkezi Aziýany XXI asyrda Merkezi Aziýa sebitiniň ösüşini üpjün etmek maksady bilen daşary işler ministrliklerine dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk Şertnamasyny gol çekmek üçin taýýarlamagy tabşyrypdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň