Soňky habarlar

Arhiw

Marin Le Pen fransuzlaryň ynamy babatda Makrondan öňe saýlandy

11:4101.07.2022
0
736
Marin Le Pen fransuzlaryň ynamy babatda Makrondan öňe saýlandy
Surat: gazeta.ru

Fransiýaly syýasatçy zenan Marin Le Pen raýatlaryň ynam bildirmek derejesi babatda ýurduň Prezidenti Emmanuel Makrondan öňe geçdi diýip, «TASS» habarlar gullugy «Le Figaro» gazetine esaslanyp habar berýär.

Fransuzlaryň ynamynyň reýtingi jemgyýetçilik pikir soraşmasynyň esasynda düzülýär, soňky barlaglara görä, «Milli Bileleşik» partiýasynyň baştutany Marin Le Pene ýurduň raýatlarynyň 39 göterimi ynanýar.

Şol bir wagtda Makronyň ynamlylyk derejesi 32 göterimi düzdi. Öňki pikirsoraşmalaryň netijeleri bilen deňeşdirilende, fransuz lideriniň reýtingi 9 göterim pese gaçdy. Şunlukda, Makron saýlawlardan bary-ýogy iki aý geçensoň,

Fransiýanyň ilatynyň arasynda ynamy elden giderip başlady. Bu barada «Belta.by» saýty ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň