"Ahal" TFF-niň kubogy ugrundaky ýaryşda ilkinji ýeňşini gazandy

11:4201.07.2022
0
1019

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň çäginde “A” toparçada çykyş edýän toparlar üçünji tapgyryň duşuşyklaryny geçirdiler. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berdi.

Tapgyryň merkezi duşuşygynda “Ahal” bilen “Nebitçi” toparlary güýç synanyşdylar. Bu duşuşykda döreden mümkinçiliklerini has ýerlikli peýdalanan “Ahal” 4:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Tapgyryň beýleki duşuşygynda “Köpetdag II” bilen ýurdumyzyň Olimpiýa ýygyndy topary duşuşdy. Bu duşuşyk 3:1 hasabynda “Köpetdag II” toparynyň peýdasyna tamamlandy.

Şeýlelikde, “A” toparçada geçirilen üç tapgyrdan soň 6 utuk toplan “Nebitçi” eýeleýän birinji ornunda galdy. “Ahal” bilen “Merw” toparlary dört utukdan toplamagy başardylar.

Kubok ugrundaky bäsleşigiň çäginde “B” toparçada çykyş edýän toparlar ikinji tapgyryň duşuşyklaryny birinji iýulda geçirerler: U20 – “Energetik”, “Şagadam” – “Aşgabat”.

Üçünji tapgyr:
«A» toparça
«Nebitçi» - «Ahal» - 0:4
«Köpetdag II» - U23 - 3:1

Ýaryş tertibi:
“A” toparça

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. “Nebitçi” FK 3 2 0 1 3-4 6
2. “Merw” FK 2 1 1 0 5-1 4
3. “Ahal” FK 2 1 1 0 4-0 4
4. “Köpetdag – II” 2 1 0 1 3-3 3
5. U23 3 0 0 3 2-9 0

“B” toparça

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. “Şagadam” FK 1 1 0 0 5-1 3
2. “Aşgabat” FK 1 0 1 0 1-1 1
3. “Energetik” FK 1 0 1 0 1-1 1
4. U20 1 0 0 1 1-5 0
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň