Soňky habarlar

Arhiw

«AwtoWAZ» iýunda ýedi müň awtoulag öndürdi

11:2701.07.2022
0
1009
«AwtoWAZ» iýunda ýedi müň awtoulag öndürdi
Surat: vedomosti.ru

Russiýanyň «AwroWAZ» önümçilikçisi geçen aýyň dowamynda 7 müň awtoulag öndürdi, bu görkeziji iýulda 30 göterim artar diýip, ýurduň Samara oblastynyň hökümeti habar berdi diýip, «MIR24» ýazýar.

Iýulda Tolýattidäki kärhana «Niva Legend» kysymly awtoulagyň önümçiligini dikeltmekçi, awgustda bolsa «Niva Travel» kysymy täzeden öndürilip başlanar.

Netijede, iýulda zawoddan çykjak awtoulaglaryň sany 10 müňe ýeter diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň