Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynda 5-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi

11:2901.07.2022
0
664

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda bäşinji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Tapgyryň çäginde geçirilen duşuşyklarda ýaryş tertibiniň öňbaşçylary «Deňizçi» hem-de «Köpetdag» toparlary nobatdaky ýeňişlerini gazandylar.

Şeýlelikde, geçirilen duşuşyklarda soň 13 utuk toplan «Deňizçi» ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär. «Köpetdag» (11 utuk) ikinji orny eýeleýär.

Naýbaşy ligasynyň altynjy tapgyrynyň duşuşyklary şu gün geçiriler. Olarda «Deňizçi» bilen TNGIZT, «Daşoguz» bilen «Ahal», «Köpetdag» bilen «Milli goşun», «Gümrükçi» bilen «Senagatbank» duşuşar.

5-nji tapgyryň duşuşyklaryň netijeleri:
«Milli goşun» – «Deňizçi» – 2:7
«Gümrükçi» – «Daşoguz» – 4:4
TNGIZT – «Ahal» – 3:5
«Senagatbank» – “Köpetdag” – 1:4.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň