«Ryanair» iş taşlaýyşlar sebäpli gatnawlaryň 50-den gowragyny ýatyrdy

10:5501.07.2022
0
1024
«Ryanair» iş taşlaýyşlar sebäpli gatnawlaryň 50-den gowragyny ýatyrdy
Surat: airwaysmag.com

Ispaniýada «Ryanair» awiakompaniýasynyň işgärleriniň iş taşlaýyşlary sebäpli onlarça howa gatnawlary ýatyryldy, bu barada Ýewropanyň habar beriş serişdelerine esaslanyp, «Interfaks» ýazýar.

Düýn ýatyrylan gatnawlaryň jemi 54-si Ispaniýadan uçmaly ýa-da ýurda gelmeli gatnawlar bolup durýar, ýene-de 300-den gowrak uçuşyň togtadylandygy habar berilýär.

Awiakompaniýanyň işgärleri zähmet şertlerinden nägile. Olar iş taşlaýşyň 2-nji iýula çenli dowam etjekdigini aýdýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň