«Demirýolçy» dynç alyş merkezinde artistleriň çykyşlary görkezildi

09:0001.07.2022
0
300
«Demirýolçy» dynç alyş merkezinde artistleriň çykyşlary görkezildi

29-njy iýunda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleriniň gatnaşmagynda aýdym-sazly we teatrlaşdyrylan sahnaly döredijilik çäresi guraldy.

Çäräniň dowamynda taryhy, baý edebi miras we mili däp-dessurlaryň äheňinde sahnalar görkezildi, watançylyk ruhunda aýdymlar ýaňlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň