Liwiýa esasy portundan nebitiň eksportyny togtatdy

16:5430.06.2022
0
490
Liwiýa esasy portundan nebitiň eksportyny togtatdy
Surat: oilexp.ru

Liwiýanyň milli nebit korporasiýasy (NOC) ýurtda emele gelen syýasy gapma-garşylyk sebäpli Ras-Lanuf günorta deňiz portundan nebit daşamagy togtatdy. Bu barada «Bloomberg» habar berdi diýip, «Interfaks» ýazýar.

Şu hepdäniň sişenbe güni korporasiýa söwda we gämi gatnawy kompaniýalaryna terminalda fors-mažor çäklendirmeleriň girizilendigi barada habar berdi, terminal Liwiýada iň iri deňiz portlarynyň biridir.

Bu çäklendirme NOC Sirt aýlagyndan eksporty bes etmeli boljakdygy barada yglan eden gününiň ertesi girizildi, ady tutulan aýlaga Ras-Lanuf we Es-Sider, Brega we Zuetina ýaly deňiz portlary girýär. Es-Sider portuna hem bu çäklendirmeleriň galtaşýandygy anyk belli däl, ýöne häzir bu terminaly dolulygyna ulanýan «Waha Oil Co.» önümçilikçisiniň işini togtadandygy doly habar berilýär.

«Waha Oil» kompaniýasynyň eýesi bolan NOC korporasiýasy bu ýagdaý bilen bagly hiç hili beýanat bermedi.

Häzirki wagtda dünýäde nebiti daşamakda ýüze çykan kynçylyklar sebäpli «gara altynyň» bahasy barha ýokarlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň