Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanda saýgaklaryň sanyny kadalaşdyrmakçy bolýarlar

16:0930.06.2022
0
773
Gazagystanda saýgaklaryň sanyny kadalaşdyrmakçy bolýarlar
Surat: huntland.ru

Gazagystanyň Ekologiýa ministrligi ýurduň çägindäki saýgaklaryň sanyny kadalaşdyrmaga başlar. Bu goşa toýnaklylary atmak barada karar kabul edildi diýip, «MIR24» habar berýär.

Ministrlikde saýgaklaryň sanyny kadalaşdyrmagyň möhümdigini aýdýarlar. Soňky hasaplamalara görä, olaryň sany 1 milliondan hem agypdyr. Saýgaklaryň sany 2014-nji ýylda 250 müňden sähel köpdi. Olaryň ýarysy 2015-nji ýylda pasterellez keselinden pida boldy. Şonda häkimiýetler olary atmaga doly gadaganlyk girizdi, bikanun awlamak we şahlaryny satmak boýunça jeza çärelerini berkitdi. Soňky birnäçe aýda saýgaklaryň sany görnetin artdy we jandarlar käbir sebitlerde kynçylyklary döredip başlady.

Saýgaklaryň Gazagystanyň günbatar sebitinde has köpelendigi habarda bellenýär, özem olar ural populýasiýasyna degişlidir. Häzir bu görnüşiň ýurduň sähralyklarynda 800 müňden gowragy bar. Olaryň sanyny kadalaşdyrmak üçin 10 göterimini ýok etmek maksat edinilýär. Ýerli daýhanlar bu jandarlaryň öz ýerlerine girip, ekinleri haraplaýandygyndan zeýrenýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň