Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýä nebit eltýän esasy ýurt Russiýa bolmagynda galýar

14:4630.06.2022
0
801

Türkiýäniň nebit we nebit önümleriniň importy 2022-nji ýylyň aprelinde geçen ýylyň degişli döwründäkiden 10,1 göterim artdy, ýagny 3933497 tonna deň boldy diýip, «Trend» bu ýurduň «Anadolu» habarlar gullugyna esaslanyp habar berdi.

Türkiýäniň Energiýa bazaryna gözegçilik we sazlaşdyrmak boýunça edarasynyň maglumatlaryna görä, çig nebitiň importy aprelde 15 göterimden hem artdy, ýagny 3 million tonnadan geçdi.

Şunlukda Türkiýä nebiti we nebit önümlerini esasy eltiji döwlet Russiýa bolmagynda galýar — 1 million 392 müň tonna. Ondan soň Yrak (1 million 83 müň tonna) we Saud Arabystany (284 müň tonnadan gowrak) durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň