Arhiw

BSGG COVID-19 ýokanjy bilen keselleýänleriň köpelendigini habar berdi

11:4230.06.2022
0
1674
BSGG COVID-19 ýokanjy bilen keselleýänleriň köpelendigini habar berdi
Surat: focus.ua

Geçen hepdede dünýäde koronawirus ýokanjy bilen kesellänleriň sany 4,18 million adama ýetdi, 8,5 müň adam keseliň pidasy boldy. Bu barada TASS habarlar gullugy Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) maglumatlaryna salgylanyp habar berdi.

BSGG kesel ýokuşmagynyň we ölüm howply netijeleriň hasabat döwründe degişlilikde 18 we 3 göterim artandygyny habar berdi, bu martdan bäri ýokanjyň peselmeginiň tersine hasaba alnan ýagdaýdyr.

Şunda kesellemegiň öňdäki hepdede hasaba alnandakydan Günorta Ortaýer deňzi sebitinde (47%), Ýewropada (33%) we Günorta-Gündogar Aziýada (32%) artýandygy aýdylýar. Afrikada keseliň ýokuşmasy görnetin azaldy, ýagny 39 göterim pese gaçyşlygy düzdi.

COVID-19 ýokanjy bilen has köp kesellänleriň geçen hepdede ABŞ-da (701 855), ondan soň Germaniýada (504 655), Braziliýada (349 791), Italiýada (340 012) we Hytaýda (333 926) hasaba alnandygy habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň